Gaz zyňyndylaryny azaltmakda maýa goýumlaryň bir bölegi Türkmenistana gönükdirilip bilner

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gaz zyňyndylaryny azaltmakda maýa goýumlaryň bir bölegi Türkmenistana gönükdirilip bilner
“Uglewodorod serişdelerini çykarmagyň ekologiýa taraplary we wodorod energiýasynyň ösüşiniň geljegi” atly halkara ylmy maslahaty Aşgabatda öz işine başlady.

Geljek 30 ýylda ýyladyşhana gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça yglan edilen Global maksatlara ýetmek üçin dünýädäki taslamalara gönükdiriljek maýa goýumlaryň mukdary 275 trillion ABŞ dollaryndan gowrak bolar we Türkmenistanyň paýyna hem bu maýa goýumlaryň bir bölegi düşüp biler.

Bu barada “Ýug-Neftegaz Private Limited” kompaniýasynyň müdirýetiniň agzasy Igor Zgurow penşenbe güni Aşgabat şäherinde “Uglewodorod serişdelerini çykarmagyň ekologiýa taraplary we wodorod energiýasynyň ösüşiniň geljegi” atly halkara ylmy maslahatynyň dowamynda mälim etdi.

Igor Zgurewiň belleýşi ýaly, Türkmenistan nebit we gaz pudagynda ýyladyşhana gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça taslamalary döwrebaplaşdyrmakda we durmuşa geçirmekde uly mümkinçiliklere eýedir. Türkmenistan diňe bir uglerod bazaryna işjeň gatnaşmak bilen çäklenmän, eýsem sebitdäki nebit-gaz pudagynyň tehniki we tehnologiki aýratynlyklaryna laýyk gelýän düzgünleri we kadalary işläp taýýarlamaga hem gatnaşyp biler.

Şol bir wagtyň özünde, Pariž şertnamasynyň 6-njy maddasynyň bazar mehanizmlerine Türkmenistanyň kärhanalarynyň gatnaşmagynyň mümkinçiligini üpjün etjek kanunçylyk derejesinde milli düzgünleri we kadalary döretmegiň zerurdygyny bellemek möhümdir diýip, Zgurow forumyň dowamyndy aýtdy.

Forum “Türkmennebit”, “Türkmengaz” döwlet konsernleri, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan “Turkmen Forum” we “GaffneyCline” kompaniýalary bilen bilelikde gurnaldy. Bu maslahata 100-den gowrak wekiliýet gatnaşyp, forum gibrid görnüşinde geçirildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022