Owganystanyň iki welaýatynda bolan heläkçilikli ýer titreme zerarly Türkmenistan ýakyn wagtda Owganystanyň doganlyk halkyna ynsanperwer kömegini ýollamaga taýýar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow penşenbe güni Aşgabatda Owganystanyň Türkmenistandaky işlerini wagtlaýyn ynanylan wekili Mohammad Fazel Saber bilen geçiren duşuşygynyň barşynda mälim etdi.
Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Raşid Meredow Owgan diplomatyna ýüzlenip Türkmenistanda Owganystanyň Host we Paktika welaýatlarynda bolan heläkçilikli ýer titreme baradaky habary çuňňur gynanç bilen kabul edilendigini belledi hem-de bu ýurduň halkyna gynanç we duýgudaşlyk sözlerini beýan etdi.
Çarşenbe güni Owganystanyň günorta böleginde rihteriň ölçegi boýunça 5,9 ball bolan ýer titreme hadysasy bolup geçdi. Habarlara görä, ýer titreme zerarly 1000-den gowrak adam heläk boldy we 2000-den gowragy ýaralandy.
Ýer titreme ýurduň beýleki welaýatlarynda, paýtagty Kabulda, şeýle hem Pakistanda we Hindistanda bildirdi.