Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) sişenbe güni geçirilen söwdalarynda daşary ýurtlara dokma önümlerini ibermäge geleşikler baglaşyldy. Olaryň umumy bahasy 330 müň ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada TDHÇMB çarşenbe güni mälim etdi.
Gyrgyzystanyň telekeçisi 266,7 müň ABŞ dollaryna barabar bolan reňklenen tüýjümek önümleriň jemi 48,5 müň kilogramyny satyn aldy. Şol gün Azerbaýjanyň wekili 63,2 müň ABŞ dollaryna deň bolan tekiz reňklenen we žakkard tüýjümek önümleriniň 11,5 müň kilogramyny satyn aldy.
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 14 million 800 müň ABŞ dollaryna barabar boldy.
1994-nji ýylda döredilen TDHÇMB Türkmenistanda eksport-import amallaryny kadalaşdyrýan esasy edaradyr.