Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýada maksatlaýyn işewürlik forumlaryny geçirmegi teklip edýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýada maksatlaýyn işewürlik forumlaryny geçirmegi teklip edýär
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow

Merkezi Aziýa ýurtlarynda maksatlaýyn işewürlik forumlaryna badalga bermek zerurdyr diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni Gyrgyzystanyň Çolpo-Ata şäherinde geçirilen Merkezi Aziýanyň Döwlet Baştutanlarynyň dördünji konsultatiw maslahatynyň dowamynda aýtdy.

Merkezi Aziýada önümçilik taýdan ýakynlaşmagyň möhüm meseledigini nygtap, Döwlet Baştutanymyz “biziň ýurtlarymyz uly tebigy serişdelere, ygtybarly senagat we tehnologik kuwwata eýedir. Olary birleşdirmek, hyzmatdaşlygyň önümçilik ulgamlaryny, “ýakynlaşmak geçelgelerini” döretmek derwaýys mesele bolup durýar” diýdi. Serdar Berdimuhamedow bu babatda hususy işewürlik möhüm orun eýelemelidigini belledi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu işewürlik forumlarynyň barşynda Merkezi Aziýanyň telekeçileri gönüden-göni duşuşyp, amatly we maksadalaýyk ulgamlarda hyzmatdaşlygyň ugurlaryny özbaşdak kesgitläp bilerler.

“Şunuň bilen baglylykda, geçen konsultatiw duşuşykda aýdylan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň işewürlik hyzmatdaşlyk geňeşini döretmek baradaky pikire gaýdyp gelmegi teklip edýäris” diýip, Serdar Berdimuhamedow sammitiň dowamynda belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti häzirki wagtda halkara işewürlik, maliýe institutlarynyň Merkezi Aziýa sebitine gyzyklanma bildirýändiklerini belläp, olaryň sebitiň kuwwatyna we geoykdysady gymmatyna gowy düşünýändiklerini nygtady.

“Telekeçilik üçin amatly ýagdaýy döretmek, ony zerur bolmadyk, köp halatlarda bolsa könelişen böwetlerden, päsgelçiliklerden halas etmek, Merkezi Aziýany uzak möhletleýin maýa goýumlar üçin özüne çekiji sebite öwürmekde bizde ähli mümkinçilikler bar” diýip, Serdar Berdimuhamedow sözüniň üstüni ýetirdi.

Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň dördünji konsultatiw maslahatyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen bir hatarda, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew we Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon gatnaşdy. Sammitiň jemleri boýunça Bilelikdäki beýannama kabul edildi.

2022