BMG-niň Baş Assambleýasy Merkezi Aziýany parahatçylygyň zolagy diýip yglan etdi

BIZNES TURKMENISTAN
BMG-niň Baş Assambleýasy Merkezi Aziýany parahatçylygyň zolagy diýip yglan etdi
BMG-niň Baş assambleýasy şu ýylyň iýul aýynyň ortalarynda Merkezi we Günorta Aziýanyň arasyndaky ulag baglanyşygyny berkitmek baradaky kararnamasyny kabul etdi.

Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Baş Assambleýasy penşenbe güni Merkezi Aziýany parahatçylygyň, ynanyşmagyň we hyzmatdaşlygyň zolagy diýip yglan etmek barada kararnamany kabul etdi.

193 agzasy bolan Assambleýa sebitdäki ähli döwletlere we beýleki sebitlere BMG-nyň Tertipnamasyna laýyklykda, Merkezi Aziýa zolagynda parahatçylygy goramakda hyzmatdaşlyk etmegi hem-de sebitiň ähli döwletleriniň milli jebisligine, özygtyýarlylygyna, syýasy garaşsyzlygyna we territorial bitewiligine hormat goýmaga çagyrdy. Bu barada BMG-niň metbugat beýanatynda habar berildi.

“Merkezi Aziýa parahatçylygyň, ynanyşmagyň we hyzmatdaşlygyň zolagy” atly kararnamanyň tanyşdyrylyşynda Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň adyndan hem çykyş edip, sebitdäki ýurtlaryň hyzmatdaşlyk hem-de ösüş üçin uly mümkinçilikleriniň bardygyny aýtdy.

ABŞ-nyň wekili Merkezi Aziýany parahatçylygyň zolagy diýip yglan etmek kararyň parahatçylykly we gülläp ösýän jemgyýetiň, durnukly ösüşiň, abadançylygyň we howpsuzlygyň, adam hukuklarynyň we kanunyň hökmürowanlygynyň özara baglanyşykly sütünlerini güýçlendirip biljek hökümetleriň arasynda has uly hyzmatdaşlygyň binýadyny döredýändigini belledi.

BMG-niň Baş assambleýasy şu ýylyň iýul aýynyň ortalarynda Merkezi we Günorta Aziýanyň arasyndaky ulag baglanyşygyny berkitmek baradaky kararnamasyny kabul etdi.

 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022