Lebaply işewürleriň senagat önümleriniň eksporty $6,3 milliondan geçdi

BIZNES TURKMENISTAN
Lebaply işewürleriň senagat önümleriniň eksporty $6,3 milliondan geçdi
Degişli döwürde 12 telekeçi harytlaryny daşary ýurda iberdiler.

Lebap welaýatynyň hususy kärhanalary şu ýylyň sekiz aýynda 6 million 375 müň ABŞ dollaryna barabar bolan senagat önümlerini daşary ýurtlara eksport etdiler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.

Eksporta ugradylan harytlaryň arasynda izogam, suwuk bitum mastikasy, senagat garyndy suwuklygy, akkumulýatorlar, nah mata pamygy agdyklyk edýär. Welaýatyň telekeçileriniň öndüren önümleri esasan Özbegistan, Türkiýe, Owganystan, Hytaý, Birleşen Arap Emirlikleri, Belarus, Gazagystan we Azerbaýjan döwletlerine iberildi.

Bellenilişi ýaly, degişli döwürde 12 telekeçi harytlaryny daşary ýurda iberdiler. Olaryň hataryna “Mizemez gadam”, “Gaýrat”, “Türkmen ojagy” hususy kärhanalary we “Kökçi” hojalyk jemgyýeti girdi.

Lebap welaýaty Türkmenistanyň gündogar böleginde ýerleşip, onuň merkezi Türkmenabat şäheridir. Lebap welaýaty Owganystan we Özbegistan döwletleri bilen araçäkleşýär.

2022