Türkmenistan- Hytaý söwda dolanyşygy 53,4 göterim ýokarlandy

BIZNES TURKMENISTAN
Türkmenistan- Hytaý söwda dolanyşygy 53,4 göterim ýokarlandy
Hytaý bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky söwda dolanyşygy 1992-nji ýyldaky 460 million ABŞ dollaryndan 50 milliard ABŞ dollaryna çenli ýokarlandy.

Hytaý bilen Türkmenistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn söwda dolanyşygy şu ýylyň ilkinji ýedi aýynda 53,4 göterim ýokarlandy. Bu barada “China Daily” gazeti Hytaý gümrük gullugynyň maglumatlaryna salgylanyp, duşenbe güni habar berdi.

“Hytaý Merkezi Aziýa ýurtlary bilen aragatnaşygy güýçlendirýär” atly makalada bellenilişi ýaly, şu ýyl Hytaý Merkezi Aziýa ýurtlary bilen diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyny belleýär. Şeýle-de, taraplaryň arasyndaky söwda dolanyşygy 1992-nji ýyldaky 460 million ABŞ dollaryndan 50 milliard ABŞ dollaryna çenli ýokarlandy.

Bilermenlere görä, Hytaý bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky “Bir guşak – bir ýol” (BRI) başlangyjynyň çägindäki hyzmatdaşlygy irki netijeleri berip, ol ýurtlaryň infrastrukturasyny gowulaşdyrmaga, söwda arabaglanyşyklaryny emele getirmäge we jemgyýetiň abadançylygyny ýokarlandyrmaga ýardam berdi.

“Bir guşak – bir ýol” başlangyjy Merkezi Aziýa sebitinde durnuklylyk we ösüş üçin täze mümkinçilikleri döretdi. Bu başlangyjyň çäginde, Merkezi Aziýa ýurtlary täze bazarlary, maýa goýumlary we tehnologiýalary gazandy hem-de özleriniň infrastrukturasyny, hususan-da transport we logistika ulgamlarynyň derejesini ýokarlandyrdy” diýip, Hytaýyň syýasy ylymlary akademiýasynyň Rus, Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa Ylymlary institutynyň alymy Žao Hweýroň makalada belleýär.

Žao Hweýroň “Bir guşak – bir ýol” başlangyjy Merkezi Aziýa ýurtlarynyň eksportynyň we senagatlarynyň ösmegine itergi berendigini, şeýle-hem olaryň “ýaşyl” we sanly ykdysadyýeti kemala getirmäge mümkinçilikleri döredendigini aýdýar.

Diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy mynasybetli ýanwar aýynda sanly ulgam arkaly geçirilen sammitde, taraplar Hytaý-Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklary çuňlaşdyrmagy ara alyp maslahatlaşdylar. Sammitiň dowamynda HHR-niň Başlygy Si Szinpin Merkezi Aziýa ýurtlary bilen 2030-nji ýyla çenli özara söwdany 70 milliard ABŞ dollaryna ýetirmegi maksat edinýändigini mälim etdi. Ol Hytaýa Merkezi Aziýa ýurtlaryndan has ýokary hilli önümleri import etmäge, şeýle hem energiýa we ýokary tehnologiýa ugurlarynda hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge taýýardygyny belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Hytaýyň Hökümetiniň Ýewraziýa işleri boýunça ýörite wekili Li Hueý geçen hepde Aşgabatda geçirilen duşuşygyň barşynda ýangyç-energetika toplumy, himiýa we dokma senagaty pudaklaryny möhüm ugurlar hökmünde kesgitlediler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022