TDHÇMB-da penşenbe güni benzin, jinsi matalary, žakkard tüýjümek önümleri satyldy

BIZNES TURKMENISTAN
TDHÇMB-da penşenbe güni benzin, jinsi matalary, žakkard tüýjümek önümleri satyldy
Gazagystandan gelen telekeçi 11,6 müň kilogram tekiz reňklenen we žakkard tüýjümek önümlerini satyn aldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) penşenbe güni geçirilen söwdalarynda ECO-93 awtoulag benzinini, dürli görnüşli jinsi matalary, tekiz reňklenen we žakkard tüýjümek önümlerini satyn almak boýunça 3 geleşik baglaşyldy. Bu geleşikleriň umumy bahasy 5,2 million ABŞ dollaryna barabar boldy.

Owganystanyň wekili Ahal welaýatynyň tebigy gazdan benzin öndürýän zawodynda öndürilen ECO-93 görnüşli awtoulag benzininiň 4,5 müň tonnasyny satyn aldy. Bu barada TDHÇMB anna güni habar berdi.

ECO-93 görnüşli awtoulag benzininiň bahasy geçen söwdalar bilen deňeşdirilende, 1 ABŞ dollar gymmatlap, her tonnasynyň bahasy 726,75 ABŞ dollaryna deň boldy. Geleşigiň umumy bahasy 3,2 million ABŞ dollaryna barabar boldy.

Türkiýäniň işewüri 1,9 million ABŞ dollaryna deň bolan dürli görnüşli jinsi matalaryny satyn aldy. Gazagystandan gelen telekeçi 11,6 müň kilogram tekiz reňklenen we žakkard tüýjümek önümlerini satyn aldy we onuň jemi bahasy 63,8 müň ABŞ dollaryna deň boldy.

1994-nji ýylda döredilen TDHÇMB Türkmenistanda eksport-import amallaryny kadalaşdyrýan esasy edaradyr.

2022