Gurbanguly Berdimuhamedow Günorta Koreýa resmi sapar eder

BIZNES TURKMENISTAN
Gurbanguly Berdimuhamedow Günorta Koreýa resmi sapar eder
Duşuşygyň dowamynda taraplar meýilleşdirilýän saparyň iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegi üçin möhüm tapgyr boljakdygyny aýtdylar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow duşenbe güni “Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy” Hyzmatdaşlyk forumynyň 15-nji mejlisine gatnaşmak üçin Günorta Koreýa iş saparynyň çäklerinde Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Phýo bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakyn wagtda Günorta Koreýa Respublikasyna amala aşyrjak resmi saparyny maslahatlaşdylar.

Raşid Meredow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Halk Maslahatyň Başlygynyň adyndan gyzgyn salamlaryny ýetirip, Gurbanguly Berdimuhamedowyň Günorta Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygynyň adyna ýollan hatyny gowşurdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.

Kim Çžin Phýo öz gezeginde türkmen-koreý gatnaşyklarynyň köp ugurlary boýunça ösdürilmeginde Gurbanguly Berdimuhamedowyň uly goşandynyň bardygyny belläp, onuň ýakyn wagtda Günorta Koreýa resmi sapar bilen gelmegine sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyny nygtady.

Duşuşygyň dowamynda taraplar meýilleşdirilýän saparyň iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegi üçin möhüm tapgyr boljakdygyny aýtdylar.

Şeýle hem Daşary işler ministri Raşid Meredow Günorta Koreýa iş saparynyň çäklerinde Koreýa Respublikasynyň Premýer-ministri Han Dok-su bilen duşuşdy.

2022