“Türkmenistanyň nebiti we gazy” atly halkara maslahaty öz işine başlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Türkmenistanyň nebiti we gazy” atly halkara maslahaty öz işine başlady
OGT-2022 halkara maslahaty “Energiýa ulgamynyň geljegi: täze meseleler we mümkinçilikler” mowzugynda plenar mejlisi bilen başlady.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda çarşenbe güni “Türkmenistanyň nebiti we gazy” (OGT-2022) atly XXVII halkara maslahaty öz işine başlady.

Bu halkara maslahat “Türkmennebit”, “Türkmengaz”, “Türkmenhimiýa” döwlet konsernleri, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan “Turkmen Forum” we “GaffneyCline” kompaniýalar bilen bilelikde gurnaldy.

Halkara maslahatyň başynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Şahym Abdrahmanow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara iberen gutlag hatyny okady.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gutlag hatynda: “Uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynda halkara hyzmatdaşlyk işjeň, oýlanyşykly we maksada okgunly ýagdaýda ösdürilýär. Eksportyň ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen artdyrmak, ösen köpugurly turba geçirijiler ulgamyny döretmek biziň döwletimiziň energetika strategiýasynyň ileri tutulýan esasy ugrudyr” diýilýär.

Sanly ulgam arkaly hem geçirilýän bu halkara maslahata 45 ýurduň döwlet edaralarynyň, halkara guramalarynyň, diplomatik wekilhanalarynyň, milli we halkara iri energetika kompaniýalarynyň, şol sanda SOCAR, CNPC, “Gaffney Cline”, “Schlumberger”, “Dragon Oil”, “Mitro International”, “Areti International Group”, “Buried Hill”, “ENI Turkmenistan Limited”, “Yug-Neftegaz Private Limited”, “Haldor Topsoe”, “Çalyk Energy”, “Mitsubishi Corporation”, “Siemens Energy LLC”, “Sumitomo Corporation Europe Ltd” kompaniýalarynyň 500-den gowrak wekili gatnaşýar.

OGT-2022 halkara maslahaty “Energiýa ulgamynyň geljegi: täze meseleler we mümkinçilikler” mowzugynda plenar mejlisi bilen başlady. Şeýle hem maslahatyň dowamynda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, wodorod tehnologiýalary we uglewodorod önümçiliginde daşky gurşaw meseleleri boýunça mejlisler geçirmek meýilleşdirilýär.

Üç gün dowam etjek OGT-2022 halkara maslahatynyň çäginde energetikanyň geljegi, türkmen nebithimiýa pudagynyň mümkinçilikleri, ýurduň energetika pudagyna maýa goýum mümkinçilikleri, täze gaz himiýa taslamalary we Hazar deňzindäki taslamalar ara alnyp maslahatlaşylar.

“Türkmenistanyň nebiti we gazy-2022” atly halkara sergisi hem Söwda-senagat edarasynda çarşenbe güni irden öz işine başlady.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022