Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 28-nji maddasyna laýyklykda, zähmet şertnamasy baglaşylanda taraplaryň ylalaşmagy bilen işgäriň tabşyrylan işe laýyk gelşini barlamak maksady bilen synag möhleti bellenilip bilner. Synag möhleti üç aýdan geçmeli däldir, kärhanalaryň ýolbaşçylary we olaryň orunbasarlary, baş hasapçylar we olaryň orunbasarlary, şahamçalaryň, wekilhanalaryň we kärhanalaryň gaýry aýrybaşgalanan düzüm birlikleriniň ýolbaşçylary üçin, eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça bellenilmedik bolsa, bu möhlet alty aýdan geçmeli däldir.
- Işgäriň zähmete wagtlaýyn ukypsyz bolan döwri we onuň işde hakyky bolmadyk beýleki döwürleri synag möhletine girmeýär.
- Synag möhleti hakyndaky şert işe kabul edilende görkezilmelidir. Buýrukda synag möhleti hakyndaky şert görkezilmedik bolsa, işgäriň synag möhletsiz kabul edilendigini aňladýar.
- Işgär üçin synag möhletiniň döwründe Türkmenistanyň zähmet kanunçylygy, şeýle hem köpçülikleýin şertnamanyň (ylalaşygyň) şertleri degişlidir. Synag möhleti iş döwrüne goşulýar.
- Iş beriji synag möhletiniň gutarmagyna çenli synagdan geçmedik işgär bilen zähmet şertnamasyny ýatyrmaga haklydyr, oňa bu hakda zähmet şertnamasynyň ýatyrylmagyna çenli üç senenama gününden gijä galman ýazmaça habar bermelidir. Şunda iş beriji synagdan geçip bilmedik işgär diýip hasap etmek üçin esas bolan sebäpleri görkezmäge borçludyr. Iş berijiniň karary işgär tarapyndan kazyýete şikaýat edilip bilner.
- Eger zähmet şertnamasy synag möhletiniň içinde ýatyrylmasa, onda işgär synagdan geçen diýlip hasap edilýär we soňra diňe umumy esaslarda zähmet şertnamasynyň ýatyrylmagyna ýol berilýär.
- Eger synag möhletiniň dowamynda işgär özüne teklip edilen iş özi üçin amatly däl diýen netijä gelse, onda ol zähmet şertnamasyny öz islegine görä ýatyrmak hukugyna eýedir, ol şonda bu hakda iş berijä üç senenama gününiň içinde ýazmaça görnüşde duýdurmalydyr.
Çeşme: Türkmenistanyň Zähmet kodeksi