“Röwşen” gyşky aýakgaplarynyň ilkinji tapgyryny Russiýa eksport etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Röwşen” gyşky aýakgaplarynyň ilkinji tapgyryny Russiýa eksport etdi
“Röwşen” hususy kärhanasy dürli ölçegdäki, arassa deriden ýokary hilli we elýeterli bahadan berk, ykjam we döwrebap önümleri bilen ilata hyzmat edýär.

“Röwşen” hususy kärhanasynda öndürilýän gyşky aýakgaplaryň ilkinji tapgyry Russiýa eksport edildi. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň metbugat gullugy anna güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, şu günki günde bu kärhana gyşky aýakgaplaryň täze görnüşlerini öndürip başlady. Täze önümler milli we dünýä biçüwiniň usullarynda tikilip, ýeňil we ykjam görnüşde taýýarlanylýar.

“Röwşen” hususy kärhanasy dürli ölçegdäki, arassa deriden ýokary hilli we elýeterli bahadan berk, ykjam we döwrebap önümleri bilen ilata hyzmat edýär.

Kärhananyň Türkiýäniň, Italiýanyň, Germaniýanyň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilmegi bu ýerde her gün 500 jübüt aýakgap öndürmäge mümkinçilik berýär. “Röwşen” kärhanasynda 250-ä golaý hünärmen zähmet çekýär.

“Röwşen” hususy kärhanasy 2003-nji ýyldan bäri çagalar, ýetginjekler, gelin-gyzlar, erkek adamlar üçin niýetlenen dürli görnüşli aýakgaplary öndürýär.

2022