“Nurly meýdan” ýumurtga önümçilik depginini iki esse artdyrmakçy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Nurly meýdan” ýumurtga önümçilik depginini iki esse artdyrmakçy
“Nurly meýdan” daýhan hojalygynda et üçin niýetlenen broýler tohumly towuklaryň 400 müňe golaýy idedilýär

Her gün 100 müňe golaý ýumurtga öndürýän “Nurly meýdan” daýhan hojalygy ýakyn wagtda önümçilik depgininiň bu görkezijisini iki esse artdyrmagy göz öňünde tutýar.

Balkan welaýatynyň Bereket etrabynda ýerleşýän bu kärhana golaýda iýmitlik ýumurtga berýän towuklaryň 250 müňe golaýyny idetmek işini ýola goýdy. Bu barada “Rysgal gazeti” duşenbe güni habar berdi.

“Nurly meýdan” daýhan hojalygynda et üçin niýetlenen broýler tohumly towuklaryň 400 müňe golaýy idedilýär. Bu ýerde her gün 10-14 tonna towuk eti alynýar we ýörite gaplara gaplanylyp, taýýar önüm görnüşine getirilýär.

“Guşçulyk toplumynda inkubatorlaryň 2-si bolup, olaryň ýyllyk kuwwaty ýumurtgalyk we etlik üçin niýetlenen, degişlilikde, 12 hem-de 2 million jüýje almaga mümkinçilik berýär” diýip, daýhan hojalygynyň direktory Nurýagdy Ýagmyrow “Rysgal” gazetine gürrüň berdi.

Mundan başga-da, daýhan hojalygynda et ugurly gara mallaryň 300-e, goýundyr geçileriň 1000-e golaýy idedilýär. Olaryň iým gorunyň esasyny bolsa hojalygyň ekin meýdanlarynda ýetişdirilen mekgejöwen düzüp, ondan ýörite silos taýýarlanylýar.

“Nurly meýdan” daýhan hojalygynyň gülçülik ýyladyşhanasy bolup, onda onlarça görnüşli ter çemenler ösdürilip ýetişdirilýär. Bu kärhana geljekde gülçülik ugrunyň hem gerimini giňeltmegi maksat edinýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022