Türkmenistanyň Prezidenti döwlet sapary bilen Hytaýa barar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti döwlet sapary bilen Hytaýa barar
Türkmenistanyň Prezidentiniň sapary Hytaýyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça amala aşyrylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 5-6-njy ýanwar aralygynda döwlet sapary bilen Hytaýa barar. Bu barada Hytaýyň Daşary işler ministrligi sişenbe güni habar berdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň sapary Hytaýyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça amala aşyrylar.

Hytaý gümrük gullugynyň çap eden maglumatlaryna görä, Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky özara söwda dolanyşygy şu ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda 10,12 milliard ABŞ dollaryndan geçdi. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 53,2 göterim ýokarlandy.

Türkmenistanyň Hytaýa eksportynyň esasy bölegi tebigy gaz bolup, ol turbageçirijiler arkaly iberilýär.

Häzirki wagtda Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý ugry boýunça uzaýan üç sany gaz geçirijisi arkaly Türkmenistan öz ýangyjyny Hytaýa eksport edýär. Türkmenistandan Hytaýa çenli uzaýan gaz geçirijiniň 4-nji şahasynyň gurluşygynyň taslamasy boýunça ylalaşyk 2022-nji ýylyň fewral aýynda gazanyldy.

2022