Türkmenistanyň Prezidenti käbir wise-premýerlere berk käýinç yglan etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti käbir wise-premýerlere berk käýinç yglan etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýol berlen kemçilikleriň gysga wagtyň dowamynda düzedilmese, eýeleýän wezipelerinden boşadyljakdyklaryny duýdurdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň dowamynda käbir wise-premýerlere berk käýinç yglan etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Şahym Abdrahmanowa, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň senagat we gurluşyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Çarymyrat Purçekowa, şeýle hem “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Batyr Amanowa we "Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygy Nyýazly Nyýazlyýewe işlerinde goýberen düýpli kemçilikleri üçin berk käýinç yglan edildi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýol berlen kemçilikler gysga wagtyň dowamynda düzedilmese, olaryň eýeleýän wezipelerinden boşadyljakdyklaryny duýdurdy.

Mejlisiň barşynda Döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýetimizi hemmetaraplaýyn ösdürmekde Türkmenistanyň senagat we gurluşyk toplumynyň ähmiýetine ünsi çekdi hem-de pudaklaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagyň, mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň möhümdigini belledi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisine döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler girizildi hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022