Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň Hökümetiniň Başlygy bilen duşuşyk geçirdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň Hökümetiniň Başlygy bilen duşuşyk geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Russiýanyň Premýer-ministri ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň gün tertibini we onuň ösüş ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni Aşgabatda Russiýanyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada TASS agentligi habar berdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Russiýanyň Premýer-ministri ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň gün tertibini we onuň ösüş ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň başynda Mihail Mişustin Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň Türkmenistanyň Döwlet Baştutanynyň adyna iberen mähirli sözlerini ýetirdi.

Russiýanyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygyň ýokarlandyrylmagy ileri tutulýan wezipeleriň biri diýip hasaplaýandygyny we Russiýanyň hökümetiniň Aşgabat bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin mümkinçilik gözlejekdigini aýtdy.

Russiýanyň Premýer-ministri türkmen kärdeşleri bilen iş alyp barýan 400-den gowrak rus telekeçisiniň Aşgabatda geçirilýän ilkinji türkmen-rus işewürlik maslahatyna gatnaşmak üçin gelendiklerini mälim etdi.

Şeýle hem duşuşygyň dowamynda Mihail Mişustin Russiýanyň Hökümetiniň Başlygy hökmünde ilkinji gezek Türkmenistana sapar amala aşyrýandygyny belledi.

Russiýanyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin iş saparynyň çäginde anna güni Aşgabatda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022