”Binagärlik işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 29-nji maddasyna laýyklykda binagärlik işini amala aşyrýan fiziki we ýuridik şahslar şu aşakdakylara borçludyrlar:
- döwlet standartlaryny, gurluşyk kadalaryny we düzgünlerini, taslamalaşdyrmak üçin başlangyç maglumatlaryň talaplaryny, şeýle hem ilatly ýerleri gurmagyň ýerli düzgünlerini berjaý etmäge;
- binagärlik obýektlerini döretmek boýunça gurluşyk işleri taslamalaşdyrylanda, gurlanda we ýerine ýetirilende zat eýeleriniň hem-de jaýlary we desgalary, ýer bölegine ýanaşyk gurluşygy peýdalanyjylaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini berjaý etmäge;
- binagärlik taslamasynyň täjirçilik syryny düzýän maglumatlary, şeýle hem buýrujynyň (gurujynyň) razylygy bolmazdan binagärlik taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça onuň meýilleri hakyndaky maglumatlary ýaýratmazlyga;
- gurluşyk üçin potrat şertnamasy baglaşylanda, binagärlik obýektiniň gurluşygyna awtorlyk gözegçilik barlagy edilende we görkezilen obýekt ulanylmaga kabul edilende, potrat guramasynyň girdejilerine şahsy gyzyklanma bolanda buýrujynyň (gurujynyň) jogapkär wekiliniň borçnamalaryny öz üstüne kabul etmezlige, şeýle hem bu bäsleşigiň žýurisiniň agzasy bolmak bilen, binagärlik taslamasy üçin bäsleşige gatnaşmazlyga;
- buýrujynyň (gurujynyň) taslamalaşdyrmak üçin ýumuşda beýan edilen şu maddanyň talaplaryna garşy gelmeýän talaplaryny berjaý etmäge.
Çeşme: ”Binagärlik işi hakynda” Türkmenistanyň Kanuny