Türkmenistanda 1,41 million gektardan gowrak meýdanda oba hojalyk ekinleri ekiler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda 1,41 million gektardan gowrak meýdanda oba hojalyk ekinleri ekiler
Bu resminama Türkmenistanyň oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberini has-da artdyrmak maksady bilen kabul edildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Annageldi Ýazmyradow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistan boýunça sebitleriň toprak-howa şertlerine laýyklykda, ylmy esasda ekin dolanyşygyny alyp barmak maksady bilen, jemi 1 million 414 müň 980 gektar meýdanda oba hojalyk ekinleriniň, 106 müň gektar meýdanda bolsa gök-bakja ekinleriniň ýetişdiriljekdigini habar berdi.

Mejlisiň barşynda Döwlet Baştutanymyz welaýatlar boýunça 2023-nji ýylda oba hojalyk ekinlerini ýerleşdirmek hem-de önümleri öndürmek hakyndaky Karara gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Bu resminama Türkmenistanyň oba hojalyk pudagynda amala aşyrylýan özgertmeleri üstünlikli dowam etdirmek, welaýatlaryň we etraplaryň toprak-howa şertlerine laýyklykda, oba hojalyk ekinlerini görnüşleri boýunça ýerleşdirmek, ekin dolanyşygyny ylmy esasda alyp barmak, ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak arkaly oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberini has-da artdyrmak maksady bilen kabul edildi.

Kabul edilen Karara laýyklykda Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi, degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de welaýatlaryň häkimlikleri oba hojalyk ekinleriniň ekin dolanyşygyny agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, ylmy esasda ýola goýmak bilen, öňdebaryjy tejribeleri önümçilige giňden ornaşdyrmak arkaly oba hojalyk ekinleriniň bol hasylynyň öndürilmegini üpjün etmäge borçly edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda dürli oba hojalyk önümleriniň, şol sanda gök-bakja önümleriniň, miweleriň öndürilýän möçberini mundan beýläk-de artdyrmagyň wajypdygyny belledi we wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Mundan başga-da, Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda 2023-nji ýylda bag ekmek hakyndaky Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, şu ýylda ýurdumyzda saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň 3 million düýp nahalyny ekmek meýilleşdirilýär.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ösdürmäge gönükdirilen resminamalar kabul edildi.

2022