Türkmen-gyrgyz wekilleri ýük awtoulaglarynyň sürüjileri üçin wiza düzgünlerini kadalaşdyrmagy maslahatlaşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen-gyrgyz wekilleri ýük awtoulaglarynyň sürüjileri üçin wiza düzgünlerini kadalaşdyrmagy maslahatlaşdylar
Türkmen-gyrgyz edaralarynyň wekilleri üstaşyr ýük gatnawlary barada özlerini gyzyklandyrýan meseleler boýunça sorag-jogap alyşdylar.

Türkmen-gyrgyz wekilleri ýük daşaýjylary üçin amatly şertleri döretmek hem-de awtoulaglaryň sürüjileri üçin wiza düzgünlerini kadalaşdyrmak boýunça konsullyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň döwlet migrasiýa gullugy çarşenbe güni habar berdi.

Duşuşyk Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler, Ulag we kommunikasiýalar ministrlikleriniň gurnamagynda sişenbe güni göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň degişli döwlet edaralary bilen birlikde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri hem gatnaşdylar.

Duşuşygyň barşynda taraplar häzirki wagtda ikitaraplaýyn alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň oňyn netijeleri barada belläp geçdiler. Şeýle hem, türkmen-gyrgyz edaralarynyň wekilleri üstaşyr ýük gatnawlary barada özlerini gyzyklandyrýan meseleler boýunça sorag-jogap alyşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar hyzmatdaşlygyň geljekde hem sazlaşykly ösdüriljekdigine ynam bildirip, bu ugurda alnyp barylýan ähmiýetli işlerde üstünlikleri arzuw etdiler.

2022