Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bagtyýar ýaşlar ýylyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahatyň we serginiň öz işine başlamagy mynasybetli oňa gatnaşyjylary tüýs ýürekden gutlady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.
Türkmenistanyň döwlet Baştutany ýaşlar hyzmatdaşlygyny halkara derejede has-da ösdürmekde täze mümkinçilikleri açmaga goşant goşjak bu maslahatyň we serginiň işine uly üstünlik arzuw etdi.
“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň jemlerine bagyşlanan bu halkara ylmy-amaly maslahat we sergi biziň ýaşlarymyzyň gazanýan üstünlikleriniň hem-de tejribeleriniň ýokary bahalara mynasyp bolýandygyny aýdyň tassyklaýar” diýip, Türkmenistanyň Prezidenti gutlag hatynda belledi.
Şeýle hem Türkmenistanyň döwlet Baştutany türkmen ýaşlarynyň geljekde-de Türkmenistanyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, halkara at-abraýynyň has-da belende galmagynyň bähbidine döredijilikli, ak ýürekden zähmet çekjekdiklerine berk ynanýandygyny nygtady.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Taňryguly Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynda “Ýaşlar — Watanyň daýanjy” atly kitabynyň çapdan çykandygyny aýtdy.