Serdar Berdimuhamedowyň türkmen ýaşlarynyň gazanýan üstünlikleri barada kitaby çap edildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Serdar Berdimuhamedowyň türkmen ýaşlarynyň gazanýan üstünlikleri barada kitaby çap edildi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Ýaşlar — Watanyň daýanjy” atly kitaby bilen tanyşdyrýar, 2023-nji ýylyň 25-nji dekabry, Aşgabat, Türkmenistan.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Taňryguly Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynda “Ýaşlar — Watanyň daýanjy” atly kitabynyň çapdan çykandygyny aýtdy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň duşenbe güni habar bermegine görä, bu kitapda türkmen ýaşlarynyň ýeten sepgitleriniň, gazanan üstünlikleriniň jemi jemlenýär. Täze çap edilen bu kitap “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynyň jemlerine hem-de şu ýylyň 27-nji dekabrynda geçiriljek halkara ylmy-amaly maslahata we sergä bagyşlandy.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany bu kitabyň ilkinji sanyny sowgat hökmünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa iberýändigini aýtdy.

Şeýle hem iş maslahatynyň barşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy Derýageldi Orazow çykyş edip, Türkmenistanyň Prezidentinden “Arkadag” futbol toparynyň topuna ýadygärlik üçin gol çekip bermegini haýyş etdi.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany Arkadag şäheriniň futbol toparynyň Türkmenistanyň Ýokary ligasynda üstünlikli çykyş edip, ýurduň çempiony, final oýnunda ýeňiş gazanyp, Türkmenistanyň Kubogyna mynasyp bolandygyny belledi we “Arkadag” futbol toparyna mundan beýläk-de ýeňişli ýollary arzuw etdi.

Iş maslahatynyň dowamynda ýurduň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

2022