Aşgabat şäherinde “Arkaç” söwda-dynç alyş merkezi açyldy

Aşgabat şäherinde “Arkaç” söwda-dynç alyş merkezi açyldy
“Arkaç” söwda-dynç alyş merkezini[ açylyş dabarasy, 2024-nji ýylyň 17-nji marty, Aşgabat, Türkmenistan.

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheriniň Magtymguly şaýolunyň ugrunda ýekşenbe güni işewürlik merkezi we ýerasty awtoduralgasy bolan “Arkaç” söwda-dynç alyş merkezi açylyp ulanylmaga berildi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, täze toplumyň öňündäki meýdançada guralan dabara köp sanly myhmanlar gatnaşdy we onda aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy.

Işewürlik merkezli we ýerasty awtoduralgaly “Arkaç” söwda-dynç alyş merkeziniň umumy meýdany 4,7 gektara deň bolup, ol birnäçe köpugurly desgalary özünde jemleýär. Bu desgalar “Ussat” hususy kärhanasynyň hünärmenleri tarapyndan häzirki zaman inženerçilik-tehniki çözgütlere laýyklykda, ekologik taýdan arassa gurluşyk serişdelerini ulanmak arkaly guruldy.

Toplumyň çäginde ýerleşýän 55 müň 377 inedördül metr meýdany bolan söwda-dynç alyş merkeziniň düzümine köp sanly desgalar, şol sanda harytlaryň we hyzmatlaryň dürli görnüşlerini hödürleýän supermarket, köp sanly dükanlar, oýun meýdançalary, kinozallar, oýun awtomatly çagalar dynç alyş şäherjigi, restoran, kafe, toý mekany we beýlekiler girýär.

Merkezi binanyň gapdalynda umumy meýdany 25 müň inedördül metrden gowrak bolan 12 gatly täze işewürlik toplumy ýerleşýär.

“Arkaç” söwda-dynç alyş merkezini ulanmaga bermek dabarasy tamamlanandan soňra, agzaçar sadakasy berildi.

2022