Türkiýäniň ýuwelir ägirdi “Atasay” Aşgabat butigi bilen Merkezi Aziýa girýär

Türkiýäniň ýuwelir ägirdi “Atasay” Aşgabat butigi bilen Merkezi Aziýa girýär
“Atasay” kompaniýasynyň “Arkaç” söwda-dynç alyş merkezindäki butigi, Aşgabat, Türkmenistan

Türkiýäniň meşhur ýuwelir öndüriji lideri “Atasay” kompaniýasy Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda ilkinji butigini açyp, özüniň global derejede ýaýraýyş strategiýasynda öňegidişlik gazandy. Bu täzelik kompaniýanyň Merkezi Aziýa bazaryna girişiniň başlangyjy bolup, täze butik “Atasay” ýuwelir önümleriniň sebitdäki ilkinji franşiz dükanydyr.

Täze dükan Aşgabat şäheriniň Magtymguly şaýolunyň ugrunda täze açylan “Arkaç” söwda-dynç alyş merkeziniň birinji gatynda ýerleşýär we ajaýyp ýuwelir önümlerine isleg bildirýän müşderilere göwnejaý söwda şertini döredýär.

“Atasay” kompaniýasy özüniň üçünji nesil Baş direktory Atasay Kameriň ýolbaşçylygynda ýuwelir senagatyna täzelikleri girizmäge dowam edýär. “Biznes Türkmenistan” internet neşirine beren interwýusynda Atasay Kamer Aşgabadyň gözelligine we medeni ähmiýetine ünsi çekip, ony “Merkezi Aziýanyň merjeni” diýip atlandyrdy.

“Biz Türkmenistanda altyn we göwher zergärçilik önümlerimizi sünnälenip ýasalan şaý-sepleriň muşdagy bolan müşderilere hödürläp başlandygymyza örän şatdyrys. Türkmenistanyň baý mirasy we medeniýeti bizi özüne maýyl etdi. Özümiziň iň naýbaşy zergärçilik eserlerimiz bilen türkmen halkynyň bezeg medeniýetine goşant goşýandygymyz bizde buýsanç duýgusyny döredýär” diýip, Atasay Kamer “Biznes Türkmenistan” neşirine aýtdy.

Aşgabatda täze açylan butik “Atasay” kompaniýasynyň iň ýokary hilli önümlerini oňaýly bahalardan hödürlär. Elegant altyn önümlerinden başlap, gözüňi gamaşdyrýan göwher şaý-seplere çenli ajaýyplygyň iň ýokary standartlaryna gabat gelýän we sünnälenip ýasalan ýuwelir bezegleriniň giň toplumy müşderilere elýeterli bolar. 

“Atasay” kompaniýasynyň dünýä boýunça jemi 180-e golaý dükany bolup, olar birnäçe ýurtda, şol sanda Türkiýede, Birleşen Arap Emirliklerinde we Fransiýada iň gelim-gidimli nokatlarda ýerleşýär. Kompaniýa ýakyn geljekde Londonda we Amsterdamda hem söwda butiklerini açyp, mundan beýläk hem giňemegi göz öňünde tutýar.

1937-nji ýylda düýbi tutulan “Atasay” Türkiýäniň zergärçilik pudagynda nesiller boýy öňdebaryjylygy saklap gelýär. Türkiýede iň uly söwda merkezlerinde, şaýollarda we howa menzillerinde köp sanly söwda nokatlary bolan “Atasay” özüniň deňsiz-taýsyz önümleri we iň gowy müşderi hyzmatlary bilen Türkiýäniň iň uly ýuwelir zynjyry hökmünde tanalýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022