Balkan welaýatynda çagalar dynç alyş merkezi açyldy

Balkan welaýatynda çagalar dynç alyş merkezi açyldy
“Arkadagly nesiller” döwrebap çagalar dynç alyş merkeziniň açylyş dabarasy, 2024-nji ýylyň 31-nji maýy, Balkan welaýatynyň Magtymguly etraby, Türkmenistan

Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynda anna güni “Arkadagly nesiller” döwrebap çagalar dynç alyş merkeziniň açylyş dabarasy geçirildi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, merkeziň açylyş dabarasy her ýylyň 1-nji iýunynda bellenilýän Çagalary goramagyň halkara gününiň öňüsyrasynda geçirildi.

Habarda bellenilişi ýaly, durmuş, ykdysady we medeni ösüşde iň ýokary görkezijileri gazanmak ugrunda her ýylda geçirilýän bäsleşigiň jemleri boýunça 2022-nji ýylda Balkan welaýatynyň Magtymguly etraby welaýatlaryň etraplarynyň, etrap hukukly şäherleriniň arasynda ýeňiji boldy hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda, 1 million ABŞ dollary möçberinde pul baýragy bilen sylaglanyldy. Bu serişdeler anna güni açylan çagalar dynç alyş merkeziniň gurluşygyna we ondaky desgalaryň öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilmegine gönükdirildi.

Dabara Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat halk maslahatynyň agzalary, welaýat, şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, etrabyň ýaşaýjylary gatnaşdylar.

Merkeziň çäginde dürli attraksionlar, oýun enjamlarynyň zaly, garbanyşhana, çaga oýnawaçlarynyň dükany we beýlekiler ýerleşdirilidi. Dabaranyň dowamynda tapawutlanan gurluşykçylara Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň adyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

2022