“Arassa Nusga” dürli ugurlarda maslahat beriş hyzmatlaryny amala aşyrýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Arassa Nusga” dürli ugurlarda maslahat beriş hyzmatlaryny amala aşyrýar
Bu kompaniýa LOGO ERP, AKINSOFT ERP we “Bitrix24” programmalarynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory bolup durýar.

“Arassa Nusga” – işewürlere innowasiýa çözgütleriň üsti bilen netijeliliginiň peselmegine we iş ýitgilerine sebäp bolup biljek meseleleri çözmäge ýardam berýän maslahat beriji kompaniýadyr. “Arassa Nusga” kompaniýasy köp sanly maslahat beriş we IT hyzmatlaryny hödürleýär.

Şeýle meseleleriň arasynda amallary ýerine ýetirmek üçin wagtyň tygşytsyz sarp edilmegi, dolandyryş gurluşynda gapma-garşylyklar, satuw görkezijileriniň pesligi hem-de müşderileriň ygrarlylygy, brendiň habardarlygy, buhgalteriýa we maliýe gözegçiligi ýaly meseleler bar.

“Arassa Nusga” kompaniýasynyň esasy wezipesi işewürlere guramanyň işinde aç-açanlygy gazanmaga goldaw bermekden ybaratdyr.

Mundan başga-da, bu kompaniýa LOGO ERP, AKINSOFT ERP we “Bitrix24” programmalarynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory bolup durýar.

“Arassa Nusga” aşakdaky meseleleri çözmäge toplumlaýyn çemeleşmegi hödürleýär:

  • iş amallaryny işjeňleşdirmek;
  • guramaçylyk boýunça anyklaýyş işlerini geçirmek;
  • satuw boýunça dolandyryş gurallaryny işläp düzmek;
  • ykjam programmalary we web sahypalary işläp taýýarlamak;
  • hasabatlary we seljeriş gurallary awtomatlaşdyrmak;
  • täze ýa-da bar bolan buhgalter ulgamyny kämilleşdirmek;
  • taslamany dolandyrmak, aragatnaşyk we satuw üçin “Bitrix24” programmasyny işe girizmek;
  • işgärleriň ygrarlylygyny we özara gatnaşygyny ýokarlandyrmak üçin okuwlary we tejribeleri geçirmek.

“Arassa Nusga” kompaniýasy bilen habarlaşmak üçin telefon belgiler:

+993 12 754799

+993 61 648605

Kompaniýanyň salgysy: Aşgabat şäheri, G.Kulyýew köçesiniň 24-nji jaýy, 744000, “Kerdir” binasy

Elektron salgysy: info@arassanusga.com

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022