Türkmenistanyň ýolbaşçylary agzaçar sadakasyny berdiler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň ýolbaşçylary agzaçar sadakasyny berdiler
Türkmen halkynyň Milli Lideri sadaka gatnaşýanlara sylag-hormat edip gelendikleri üçin taňryýalkasyn aýtdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow kyblasy we mähriban käbesi, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow atasy Mälikguly agany, enesi Ogulabat ejäni hatyralap sişenbe güni Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynda agzaçar sadakasyny berdiler.

Agzaçar sadakasy Yzgant obasynyň Abyl Işan gonamçylygynyň ýanyndaky ýörite taýýarlanan ýerde berildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow sadaka gatnaşýanlara sylag-hormat edip gelendikleri üçin taňryýalkasyn aýtdy we Yzgant obasyndaky Abyl Işan öwlüýäsine baryp, zyýarat edendiklerini nygtady.

Nahardan soň­ra, aýat-töwir okalyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Türkmenistanyň Prezidentiniň beren agzaçar sadakasynyň Allatagalanyň dergähinde kabul bolmagy dileg edildi. .

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow mähriban käbesi, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow enesi Ogulabat Berdimuhamedowany hatyralap anna güni Aşgabat şäherinde ýerleşýän Hezreti Omar metjidinde belli gün agzaçar sadakasyny berdiler.

2022