Metan zyňyndylary azaltmakda eko-ýangyçlaryň orny

Nurmyrat Mommaýew
Metan zyňyndylary azaltmakda eko-ýangyçlaryň orny
Ulag pudagy Ýewropa Bileleşiginde (ÝB) metan gazlarynyň zyňyndylaryna sebäp bolýan esasy pudaklaryň biridir (25 göterim).

Gaýtdan dikeldilýän ýangyç serişdeleri oba hojalygy, tokaý hojalygy, azyk önümçiligi, şeýle hem şäher ýaşaýyş durmuşy we plastmassa galyndylaryndan öndürilýän uglerodsyz ýa-da az uglerodly suwuk ýangyçlardyr.

Ulag pudagy Ýewropa Bileleşiginde (ÝB) metan gazlarynyň zyňyndylaryna sebäp bolýan esasy pudaklaryň biridir (25 göterim). Şol sebäpli ÝB “Pariž” şertnamasyna we “Ýaşyl Ýewropa” şertnamasyna laýyklykda 2050-nji ýyla çenli ulag pudagyndaky metan zyňyndylary 90 göterim azaltmagy maksat edinýär.

Bu maksada ýetmek üçin ÝB ulaglara we olarda ulanylýan ýangyja täsir edip biljek birnäçe öňüni alyş çäresini işläp düzdi. Bularyň arasynda 2025-nji ýyla çenli metan zyňyndylary 15 göterim, 2030-njy ýyla çenli 30 göterim azaltmagy göz öňünde tutýan Düzgünnama bardyr.

ÝB esasanam howa hem-de deňiz arkaly ýük daşamalarda dekarbonizasiýa çözgüdi hökmünde eko-ýangyçlaryň täsirini ykrar etdi. Şeýlelik bilen, ÝB elektrik energiýasyndan başga-da 2035-nji ýyldan başlap ulanyp boljak eko-ýangyçlaryň hataryna käbir sintetiki ýangyçlary hem goşdy.

Gaýtadan dikeldilýän ýangyçlar bar bolan paýlaýyş ulgamlarynyň (ýangyç guýýan stansiýalar ýa-da tankerler) infrastukturalary bilen gabat gelýär, şonuň üçin goşmaça maýa goýumlaryny ýa-da infrastrukturany talap etmeýär.

Eko-ýangyçlar haýsy artykmaçlyklary hödürleýär diýen soraga, adaty ýangyçlardan birnäçe artykmaçlygy hödürleýär diýip jogap bermek mümkindir. Iň esasy artykmaçlygy hökmünde gaýtadan dikeldilýän we gaýtadan ulanylýan çig maly ulanyp, azot oksidleri (NOx) ýa-da howadaky bölejikler (PM) ýaly metan zyňyndylary azaltmagyny görkezmek bolar.

Metan zyňyndylary azaltmak adamzadyň öňünde duran gaýragoýulmasyz wezipe bolup durýar. Şol bir wagtyň özünde, eko-ýangyçlar zibillere gidýän ýa-da ýakylyp ýok edilýän beýleki galyndylardan taýýarlanylýar. Şeýlelik bilen, olar goşmaça gymmatlyk we ýerli iş üpjünçiligi döretmek arkaly ykdysadyýetlere goşant goşýarlar.

Nurmyrat Mommaýew,

Türkiýäniň Stambul şäherinde ýerleşýän Marmara uniwersitetiniň Syýasat ylymlary we halkara gatnaşyklar bölüminiň doktoranty

2022