Türkmenistanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewi 70 ýaş doglan güni bilen gutlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewi 70 ýaş doglan güni bilen gutlady
Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe şanly 70 ýaş doglan güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barda Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

“Siziň ýolbaşçylygyňyzda Gazagystan Respublikasy döwlet gurluşyny berkitmek hem-de durmuş-ykdysady ösüş ýolunda yzygiderli öňe barýar. Soňky ýyllarda dünýä giňişliginde ýurduňyzyň abraýy barha ýokarlandy. Biz Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky däbe öwrülen dostlukly, strategik gatnaşyklaryň berkidilmegine Siziň goşýan şahsy goşandyňyza ýokary baha berýäris hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygymyzyň halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de giňeldiljekdigine ynam bildirýäris” diýip, Türkmenistanyň Döwlet Baştutany gutlag hatynda belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe berk jan saglyk, abadançylyk we Gazagystanyň doganlyk halkynyň bagtyýar durmuşynyň, rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli döwlet işinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe şanly 70 ýaş ýubileýi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

2022