Türkmenistanyň we Eýranyň deňiz we gury ýer portlarynda infrastrukturany gurmak üçin bilelikdäki maýa goýumlaryň goýulmagy Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesine gatnaşýan ýurtlaryň eksport geografiýasyny giňelder diýip, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew penşenbe güni geçirilen Ýewraziýanyň ýokary ykdysady geňeşiniň mejlisinde eden çykyşynda aýtdy. Bu barada TASS agentligi habar berdi.
“Bu Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesine gatnaşýan ýurtlaryň eksport geografiýasyny ep-esli giňelder, logistika mümkinçiliklerimizi güýçlendirer” diýip, Gazagystanyň Prezidenti belledi.
Şeýle hem Prezident Kasym-Žomart Tokaýew Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesiniň Transhazar halkara ulag geçelgesi bilen bilelikde ösdürilmelidigini nygtady.
Tatarystanyň Kazan şäherinde 18-19-njy maý aralygynda geçirilen “Russiýa — Yslam dünýäsi: Kazan Forum — 2023” XIV halkara ykdysady forumynda Russiýa we Ýewraziýa ýurtlary Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesini ösdürmek boýunça pikir alyşdylar. Bu ösüş taslama konteýnerli ýük daşamalaryň 15-30 esse artdyrylmagyny öz içine alýar.