“Buýsançly toprak” üwmeç we tomat goýultmasyny öndürip başlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Buýsançly toprak” üwmeç we tomat goýultmasyny öndürip başlady
Üwmeç önümçiliginden bir pursat (Surat: sfera.fm)

“Buýsançly toprak” hususy kärhanasy golaýda tomat goýultmasynyň we üwmejiň önümçiligini ýola goýdy. Bu barada TSTB-nyň metbugat gullugy duşenbe güni habar berdi.

Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda ýerleşýän “Buýsançly toprak” hususy kärhanasy konserwirlenen et we balyk önümleriniň önümçiligini alyp barýar.

Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan bu kärhanada daşary ýurtlaryň iri önüm öndürijileriniň ýokary tehnologiýaly enjamlary ornaşdyrylandyr.

Kärhananyň degişli hünärmenleri häzirki wagtda bu ýerde öndürilýän önümleriň görnüşiniň 21-e ýetendigini belleýärler.

2022