Daşoguz welaýatyna 70-e golaý täze sürüm traktorlary gelip gowuşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Daşoguz welaýatyna 70-e golaý täze sürüm traktorlary gelip gowuşdy
Güýzlük bugdaý ekişine taýýarlykdan bir pursat, 2020-nji ýyl, Türkmenistan

Daşoguz welaýatyna ekişe taýýarlyk işleriniň dowam edýän günlerinde 70-e golaý sürüm traktorlary gelip gowuşdy. Bu traktorlar ýakyn günlerde badalga beriljek bugdaý ekişinde ilkinji gezek işlediler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, ýokary kuwwatly bu tehnikalar Daşoguz welaýatynyň etraplaryna paýlanyp berildi.

Şu ýyl ýurduň demirgazyk welaýatynyň gallaçy daýhanlary 145 müň gektar meýdanda ekiş geçirip, 265 müň tonna hasyl almagy maksat edinýärler.

Möwsümde ýeňil traktorlaryň 2300-si, ekijileriň 520-den, sürüm traktorlarynyň 650-den gowragy bökdençsiz işlediler.

Häzirki günlerde ýer eýeleri hem-de edara-kärhanalaryň hünärmenleri tehnikalary, oba hojalyk gurallaryny birkemsiz taýýarlamak, güýzlük bugdaý ekişini gysga möhletlerde hem-de ýokary hilli geçirmek boýunça iş alyp barýarlar.

 

2022