Türkmenistanyň banklarynyň beren karzlarynyň galyndylarynyň möçberi 86,4 milliard manatdan geçdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň banklarynyň beren karzlarynyň galyndylarynyň möçberi 86,4 milliard manatdan geçdi
Türkmenistanyň “Senagat” paýdarlar täjirçilik banky

Türkmenistanyň karz edaralarynyň 2023-nji ýylyň 1-nji oktýabr ýagdaýyna kärhanalara, guramalara we ilata milli pulda beren karzlarynyň galyndylarynyň umumy möçberi 86 milliard 448,21 million manada ýetdi. 2022-nji ýylyň 1-nji oktýabr ýagdaýyna berlen karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 88 milliard 115,48 million manada barabar boldy. Bu barada Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň çap eden "Bank habarlary" atly elektron žurnalynda habar berilýär.

2023-nji ýylyň 1-nji oktýabr ýagdaýyna Türkmenistanyň karz edaralarynyň döwlet eýeçiligine degişli kärhanalara we guramalara milli pulda beren karzlarynyň galyndylarynyň möçberi 53 milliard 391 million manada barabar boldy. 2022-nji ýylyň 1-nji oktýabr ýagdaýyna bu görnüşli karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 58 milliard 206 million manada deň boldy.

Şeýle hem, 2023-nji ýylyň 1-nji oktýabr ýagdaýyna Türkmenistanyň karz edaralarynyň döwlet eýeçiligine degişli bolmadyk kärhanalara we guramalara milli pulda beren karzlarynyň galyndylarynyň möçberi 12 milliard 359 million manada barabar boldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bu görkeziji 4,1% ýokarlandy. 2022-nji ýylyň 1-nji oktýabr ýagdaýyna bu karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 11 milliard 870 million manada ýetdi.

Mundan başga-da, 2023-nji ýylyň 1-nji oktýabr ýagdaýyna raýatlara we edara görnüşindäki tarapy döretmeýän telekeçilere milli manatda berlen karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 20 milliard 732 million manada barabar boldy we bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 14,9% ýokarlandy. 2022-nji ýylyň 1-nji oktýabr ýagdaýyna berlen karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 18 milliard 40 million manada deň boldy.

Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda Türkmenistanda bank kartlary boýunça nagt däl pul dolanyşygynyň umumy möçberi 12 milliard 874,15 million manatdan geçdi. 

2022