Türkmenbaşy Halkara deňiz porty Merkezi Aziýa bilen Ýewropany özara baglanyşdyrar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenbaşy Halkara deňiz porty Merkezi Aziýa bilen Ýewropany özara baglanyşdyrar
Türkmenbaşy halkara deňiz porty, Balkan welaýaty, Türkmenistan.

Belgiýa Patyşalygynyň Brýussel şäherinde sişenbe güni geçirilen Ýewropa Bileleşiginiň “Global Gateway” başlangyjynyň Maýadarlar forumynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň başlygynyň orunbasary Seýitguly Baýseýidow Ýewropa bilen Merkezi Aziýanyň arasynda arabaglanyşygy üpjün edýän Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň sebit üçin esasy deňiz merkezi hökmünde strategiki ornuny belläp geçdi. Bu barada “Biznes Türkmenistan” internet neşiriniň foruma gatnaşan wekilleri habar berdi.

Ýewropa-Kawkaz-Aziýa (TRACECA) halkara ulag geçelgesi Türkmenistanyň deňiz ulag pudagynyň mümkinçiligini ep-esli ýokarlandyrdy. Seýitguly Baýseýidow ykdysady ösüşi we söwdanyň netijeliligini ýokarlandyrmak bilen Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň täze mümkinçiliklere hem-de özüne çekiji häsiýete eýe bolandygyny hem aýtdy.

Forumyň barşynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň başlygynyň orunbasary Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň döwlet tarapyndan 1,5 milliard ABŞ dollary möçberinde maýa goýlan iň döwrebap infrastrukturasynyň bardygyny nygtady. Döwrebap terminallar bilen enjamlaşdyrylan deňiz portunyň ýük geçirijilik ukyby 17 million tonnadyr. Ol umumy ýük terminalynyň, ürgün ýük terminalynyň, konteýner terminalynyň, Ro-Ro, ýolagçy-parom terminalynyň, polipropilen we beýleki himiýa serişdeleri terminallarynyň üsti bilen ýükleriň netijeli işlenilmegini hem-de logistika hyzmatlaryny üpjün edýär.

Şeýle hem Seýitguly Baýseýidow Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ekologiýa taýdan arassa desgalary işe girizýändigini we “ýaşyl” tehnologiýalary ulanýandygyny, munuň şeýlediginiň ykrarnamasy hökmünde 2023-nji ýylda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) goldawy bilen Durnukly logistika zynjyry bileleşigi (EcoPort Suistanable Logistic Chain) tarapyndan “ýaşyl” port şahadatnamasynyň gowşurylandygyny belledi.

Mundan başga-da, “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň başlygynyň orunbasary ýurduň demirýol we awtoulaglar üçin ýöriteleşdirilen gury ýük gämilerini we köptaraply paromlary goşmak bilen dürli görnüşli gämileri gurmak meýilnamalary barada gürrüň berdi. Şu ýyl dürli görnüşli gämileriň bäşisini, şol sanda üç sany umumy ýük gämisini we Ro-Ro görnüşli iki gämini gurmak kararyna gelindi.

Seýitguly Baýseýidow çykyşynyň ahyrynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi bilen Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň tutuş sebitiň ykdysady taýdan gülläp ösmegine goşant goşýan hyzmatdaşlyga açykdygyny aýtdy. “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi bilen Türkmenbaşy Halkara deňiz porty gämi gurluşygynda we infrastrukturasynda köp sanly maýa goýum mümkinçiliklerini hödürläp, deňiz portuny sebitiň söwda merkezine öwürmäge maýa goýujylary çagyrýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022