Türkmen kärhanalary öz önümlerini Moskwadaky “Prodekspo-2024” sergisinde görkezýärler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen kärhanalary öz önümlerini Moskwadaky “Prodekspo-2024” sergisinde görkezýärler
“Ak ýol miwe içgileri” kompaniýasy “Prodekspo-2024” azyk önümleriniň we içgileriň halkara sergisinde, 2024-nji ýylyň 5-9-njy fewraly, Moskwa, Russiýa.

Türkmen azyk öndüriji hususyýetçileri 5 – 9-njy fewral aralygynda Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherinde geçirilýän “Prodekspo-2024” azyk önümleriniň we içgileriň halkara sergisine gatnaşýarlar.

Sergide “Ak ýol miwe içgileri” we “Ýüpekçi” kärhanalary Türkmenistanda öndürilen alkogolsyz miwe içgilerini we miwe şirelerini hödürleýärler. Konditer önümleri bilen bolsa “Ak gar”, “Altyn Ýunus”, “Balam”, “Bars”, “Täze Aý” ýaly türkmen kärhanalary köp dürli önümleri bilen çykyş edýärler.

“Prodekspo-2024” sergisi Russiýada we Gündogar Ýewropada azyk önümleriniň we içgileriňiň iri halkara sergisidir. Sergide azyk harytlary, ýagny gündelik sarp edilýän esasy önümler, içgiler, datly nygmatlar, türgenler üçin iýmitler, organiki we halal önümler, tropiki miweler görkezilýär. Bu sergi dünýäniň 40 ýurdundan 2 müň 145 gatnaşyjyny bir ýerde jemledi.

Türkmen hususy azyk öndürijileri 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde geçirilen “Foodeх Saudi” 10-njy halkara azyk önümleriniň we alkagolsyz içgileriň söwda sergisinde we Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherinde geçirilen “WorldFood Moscow 2023” azyk sergisinde öz önümlerini hödürlediler.

2022