Türkmenistan bilen Owganystan suw hojalygy pudagynda özara gatnaşyklary maslahatlaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen Owganystan suw hojalygy pudagynda özara gatnaşyklary maslahatlaşdy
Owgan wekiliýeti bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen duşuşyk, 2024-nji ýylyň 5-nji marty, Aşgabat, Türkmenistan.

Şu ýylyň 4-6-njy marty aralygynda Aşgabatda geçirilen owgan önümleriniň sergisiniň we işewürlik forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Owganystanyň wekiliýeti bilen geçirilen duşuşykda ykdysady taslamalary durmuşa geçirmek we owgan halkyna giň gerimli ynsanperwer kömegi bermek bilen baglanyşykly köp meseleler, şeýle hem suw hojalygy pudagynda özara gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin penşenbe güni ýaýaradan metbugat beýanatynda habar berilýär.

Duşuşykda türkmen tarapy sebitdäki suw baýlyklaryndan tygşytly peýdalanmagyň serhetaşa derýalarda, suw akabalarynda we serhet köllerinde suwdan peýdalanmagy düzgünleşdirýän halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň esasynda amala aşyrylmalydygyny belledi.

Hususan-da, owgan wekiliýetiniň ünsi:

  • serhetüsti derýalardan suw alynmagyna ylmy taýdan esaslandyrylan we tassyklanan çemeleşmäniň zerurlygy, ilkinji nobatda suw çeşmelerini ulanmagyň hakyky zerurlyklaryny göz öňünde tutmak;
  • serhetüsti derýalarda gurulýan gidrotehniki desgalaryň dogry işlemegini üpjün edip biljek ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjün etmek;
  • serhetýaka derýalaryň boýunda ýerleşýän ähli döwletleriň bähbitlerine hormat goýmak, halkara hukugy esasynda we hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak, deňhukulylyk we aç-açanlyk ýörelgelerine esaslanýan suw çeşmelerini dolandyrmak üçin degişli mehanizmleri döretmek ýaly meselelere gönükdirildi.

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri goňşy döwletler bilen hemmetaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek we berkitmek bolup durýar.

2022