BGG Türkmenistanyň gümrük ulgamyny ösdürmekde goldawlaryny bermäge taýýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
BGG Türkmenistanyň gümrük ulgamyny ösdürmekde goldawlaryny bermäge taýýar
Türkmen wekiliýetiniň Bütindünýä gümrük guramasynyň Baş sekretary Ýan Sonders bilen duşuşygy, 2024-nji ýylyň 19-njy marty, Brýussel, Belgiýa.

Bütindünýä gümrük guramasy (BGG) Türkmenistanyň gümrük ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmekde we kämilleşdirmekde zerur bolan ýardamlary we maslahatlary bermäge taýýar. Bu barada BGG-niň Baş sekretary Ýan Sonders Belgiýanyň paýtagty Brýusselde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti bilen bolan duşuşygynda aýtdy. 

Duşuşygyň barşynda Raşid Meredow halkara gümrük ulgamyna, şol sanda BGG-niň esasy kararnamalaryna goşulyşmakda Türkmenistanyň soňky ýyllarda amala aşyran tagallalaryny belledi.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanynda BGG-niň sebitleýin okuw merkezini döretmäge aýratyn üns berildi.  

BGG-niň Baş sekretary öz gezeginde, gümrük ulgamynyň işini düzgünleşdirmekde Türkmenistanyň başlangyçlaryna we gazanan üstünliklerine ýokary baha berdi. 

Şu ýylyň 17-19-njy martynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Belgiýada iş saparynda boldy.

Iş saparynyň çäklerinde, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow sişenbe güni Brýussel şäherinde Ýewropa Bileleşiginiň ýokary derejeli wekilleri bilen duşuşyklary geçirdi.

2022