“Parahat-7” ýaşaýyş toplumynda täze jaýlar we birnäçe desgalar gurlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Parahat-7” ýaşaýyş toplumynda täze jaýlar we birnäçe desgalar gurlar
“Parahat-7” ýaşaýyş toplumynda täze jaýlaryň açylyş dabarasyndan bir pursat, 2023-nji ýylyň 22-nji sentýabry, Aşgabat, Türkmenistan

“Parahat-7” ýaşaýyş toplumynda 20 sany 9 gatly döwrebap ýaşaýyş jaýyny, 720 orunlyk umumybilim berýän mekdebi, seýilgähi we awtomobil ýollaryny gurmak meýilleşdirilýär. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk we senagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Baýmyrat Annamämmedow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde aýtdy.

“Parahat-7” ýaşaýyş toplumynda gurulmagy meýilleşdirilýän desgalar “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş- ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” ýerine ýetirmegiň çäklerinde amala aşyrmak meýilleşdirilýär. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Parahat-7” ýaşaýyş toplumynda 864 hojalyga niýetlenen 20 sany 9 gatly nobatdaky döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny, 720 orunlyk umumybilim berýän mekdebi, seýilgähi we awtomobil ýollaryny gurmak boýunça teklibi goldady we wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Şeýle hem mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew “Türkmenawtoulaglary” agentligi tarapyndan Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň (IRU) agzasy bolup durýan “Türkmenistanyň awtoulagly halkara daşaýjylarynyň assosiasiýasy” jemgyýetçilik birleşigi bilen bilelikde yzygiderli seljerme işleriň geçirilýändigi barada hasabat berdi.

Şeýle hem Mämmethan Çakyýew onuň netijeleri boýunça halkara daşamalary amala aşyrýan awtoulag serişdeleriniň sürüjilerini we operatorlaryny hünär taýdan taýýarlamagyň zerurdygynyň kesgitlenilendigini aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, Awtomobil mekdepleriniň birleşigi hem-de “Türkmenistanyň awtoulagly halkara daşaýjylarynyň assosiasiýasy” jemgyýetçilik birleşigi bilen bilelikde Halkara awtomobil ulaglary birleşigi tarapyndan akkreditirlenen okuw merkezini açmagyň maksadalaýyk boljakdygy barada aýdyldy.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany Halkara awtomobil ulaglary birleşigi tarapyndan akkreditirlenen okuw merkezini açmak boýunça teklibi goldap, bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022