Ýanwar-mart 2024: Türkmen pomidorynyň eksporty 3% ýokarlandy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ýanwar-mart 2024: Türkmen pomidorynyň eksporty 3% ýokarlandy
“Ýigit” hojalyk jemgyýetiniň ýyladyşhanasynda pomidor hasyly ýygnalýar.

Şu ýylyň ýanwar-mart aýlarynda Türkmenistanda ösdürilip ýetişdirilen pomidoryň eksportynyň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 3 göterim ýokarlandy.

Şu ýylyň üç aýynda Gazagystana ugradylan pomidoryň möçberi 20 göterm ýokarlandy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy anna güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, türkmen pomidorlaryny esasan hem Russiýa, Gazagystan we Gyrgyzystan import edýär.

2023-nji ýylyň dowamynda takmynan 128 müň tonna pomidor daşary ýurtlara eksport edildi we bu görkeziji 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende 239 göterm ýa-da 3,4 esse ýokarlandy.

Şunda, pomidoryň eksportynyň umumy möçberiniň 57 göterimi Russiýa, 28 göterimi bolsa Gazagystana amala aşyryldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022