Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygyny Aşgabatda geçiriljek halkara foruma çagyrdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygyny Aşgabatda geçiriljek halkara foruma çagyrdy
Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygy Şalwa Papuaşwili

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sişenbe güni Aşgabatda Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygy Şalwa Papuaşwilini kabul etdi. Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Parlamentiniň ýolbaşçysyny Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, 11-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek döwlet we hökümet Baştutanlarynyň halkara forumyna gatnaşmaga çagyrdy.

Şalwa Papuaşwili Türkmenistanyň Prezidentine çakylygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň diňe bir bahasyna ýetip bolmajak milli gymmatlyk bolmak bilen çäklenmän, eýsem, dünýä medeniýetiniň genji-hazynasynyň hem aýrylmaz bölegi bolup durýandygyny nygtady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak ýörelgeleri esasynda guralýan gatnaşyklaryň däp bolan dostlukly häsiýete eýedigi kanagatlanma bilen bellenildi.

Şeýle hem söwda-ykdysady ulgamda, şol sanda energetika, senagat, saglygy goraýyş we beýleki pudaklarda gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigi nygtaldy. Şunda ulag-logistika ulgamyndaky hyzmatdaşlyk hem esasy ugurlaryň biri hökmünde görkezildi.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň döwlet Baştutany ýurduň Gruziýa bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge we pugtalandyrmaga, şeýle hem doganlyk halklaryň abadançylygyň bähbidine özara gyzyklanma bildirilýän ulgamlaryň ählisinde netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny tassyklap, Gruziýanyň Prezidenti Salome Zurabişwilä we Premýer-ministri Irakliý Kohabidzä mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygy Şalwa Papuaşwili birek-birege berk jan saglyk, üstünlik, iki ýurduň halklaryna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022