Türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljegi boýunça pikir alşyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljegi boýunça pikir alşyldy
Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda ýyllyk syýasy geňeşmeleriň nobatdaky tapgyry, 2024-nji ýylyň 14-nji apreli, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde 2024-nji ýylyň 14-nji aprelinde Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda ýyllyk syýasy geňeşmeleriň nobatdaky tapgyry geçirildi. Duşuşykda taraplar türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de halkara gün tertibiniň derwaýys meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, gepleşikleriň barşynda türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, amerikan wekiliýetine bolsa ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisiniň orunbasary Jon Pommerşaým ýolbaşçylyk etdi.

Şeýle hem duşuşykda sebit we ählumumy howpsuzlyk meselelerine garaldy we söwda-ykdysady gatnaşyklar, ekologiýa, medeniýet, bilim we ynsanperwer meseleleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde bellenildi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar ekologik meseleleri çözmegiň durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň esasy şertleriniň biri bolup durýandygyny bellediler. Amerikan tarapy agzalan ugurda Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulmagyny gutlady.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar ýyllyk syýasy geňeşmeleriň türkmen-amerikan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk hem berkitmegiň oňyn häsiýetli meýdançasy bolup durýandygyny nygtadylar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022