Aşgabatda GDA-nyň Hökümet Baştutanlary birnäçe resminamalara gol çekdiler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabatda GDA-nyň Hökümet Baştutanlary birnäçe resminamalara gol çekdiler
GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi, 2024-nji ýylyň 24-nji maýy, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde anna güni GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirilip, onuň dowamynda birnäçe resminamalar kabul edildi. Bu barada GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň metbugat gullugy habar berýär.

Hususan-da, Azerbaýjanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistanyň Premýer-ministrleri, Özbegistanyň Premýer-ministriniň orunbasary we Russiýanyň Hökümetiniň Baştutany mejlisiň dowamynda 2035-nji ýyla çenli döwür üçin energiýa pudagynda hyzmatdaşlyk konsepsiýasyna, Himiýa senagaty pudagynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň konsepsiýasyna, Howply galyndylar bilen çemeleşmek we daşky gurşawa zyýanly desgalary aradan aýyrmak pudagynda hyzmatdaşlyk konsepsiýasyna hem-de olary durmuşa geçirmek boýunça ilkinji nobatdaky çäreleriň Meýilnamasyna gol çekildiler we tassykladylar.

Mejlisde Aşgabady “Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri” diýip yglan etmek hakyndaky çözgüt kabul edildi.

Şeýle hem ýurtlaryň Hökümet Baştutanlary 2030-njy ýyla çenli GDA gatnaşyjy döwletleriň çäklerinden geçýän halkara ulag geçelgeleriniň desgalaryny uýgunlaşdyrmak we ösdürmek boýunça Hereketleriň meýilnamasyna gol çekdiler.

Ýurtlaryň Hökümet Baştutanlary Bilelikdäki milli telelukmançylyk ulgamlaryny döretmek we olary mundan beýläk-de ösdürmekde hem-de peýdalanmakda hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşygy işjeňleşdirmegi tassykladylar.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň indiki mejlisini 2024-nji ýylyň 7-8-nji noýabrynda Russiýada geçirmek ylalaşyldy.

2022