Türkmen alymlary ýandak dermanlyk ösümligini mikrokapsulirlemegiň täze tehnologiýasyny işläp taýýarladylar

BT
Türkmen alymlary ýandak dermanlyk ösümligini mikrokapsulirlemegiň täze tehnologiýasyny işläp taýýarladylar
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň barlaghanasynda barlag işleri geçirilýär, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň biotehnologiýalar bölüminiň hünärmenleri ýandak dermanlyk ösümligini mikrokapsulirlemegiň täze tehnologiýasyny işläp taýýarlamak bilen uly üstünlik gazandylar. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugy bu täsin işläp taýýarlamany eýýäm sertifikatlaşdyrdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi
metbugaty anna güni habar berdi.

Türkmenistanda ösýän dermanlyk ösümliklere gyzyklanmalaryň barha artmagy netijesinde ösümligiň fiziki-himiki aýratynlyklaryny saklaýan usullaryň işlenip taýýarlanylmagy möhüm wezipä öwrülýär. Ýandagyň dermanlyk ekstrakty ýörite garyndynyň ulanylmagy arkaly alynýar, mikrokapsulirleme işi bolsa işjeň maddalary mikroskopik gerdejiklerde saklamaga, olaryň çykyp gitmegini dolandyrmaga we netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.

Bu ekstraktlar lukmançylyk dermanlar taýýarlanylanda, şeýle hem azyk senagatynda ulanylyp bilner. Ekstraktyň jemlenmesi ýokary bejeriş işjeňligine eýedigini, gowy özleşýändigini we ýaramaz täsirleriniň örän pesdigini görkezdi.

Bejeriş-öňüni alyş özboluşlulygynyň ýokarylygynyň we özüne düşýän bahanyň pesliginiň özara utgaşmagy işläp taýýarlamanyň esasy aýratynlygydyr. Tutuşlygyna tebigy önümlerden alynýandygy we biologik durnuklylygy bilen tapawutlanýan bu tehnologiýanyň ulanylmagy arkaly işlenip taýýarlanylan dermanlar ösümlikler arkaly bejermegiň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýär.

Ýandagyň (Alhagi persarum) sowuklama, dümew, angina, bronhit we üsgülewük ýaly keselleri öz içine alýan köpsanly bejeriş aýratynlyklary bardyr. Täze tehnologiýany ornaşdyrmak işi Türkmenistanda biotehnologiýany toplumlaýyn ösdürmegiň 2024 – 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde alnyp barylýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022