Türkmen alymy ýowşanyň efir ýagly želatin kapsulalarynyň tehnologiýasyny işläp taýýarlady

BT
Türkmen alymy ýowşanyň efir ýagly želatin kapsulalarynyň tehnologiýasyny işläp taýýarlady
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň labarotoriýasynda gözleg-barlag işiniň alnyp barylýan pursady, Aşgabat, Türkmenistan.

Ýaş alym Berdi Berdiýew zylçaly ýowşanyň efir ýagly ýumşak želatin kapsulalarynyň tehnologiýasyny işläp taýýarlady we degişli patenti aldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

B.Berdiýewiň barlaglary derman serişdesiniň ölçeg takyklygy, ýokary bio-elýeterlilik we daşarky täsirlerden goraglylyk ýaly gaýtalanmajak biobejeriş aýratynlyklaryna eýe bolan kapsulalary öndürmegiň tehnologiýa tapgyrlaryny işläp taýýarlamaga mümkinçilik berdi.

Onuň işi Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugynyň 2024-nji ýylyň oktýabrynda №971 belgili çäklendirilen patenti bilen hasaba alyndy.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň derman serişdelerini öndürmegiň tehnologiýalary barlaghanasy innowasion usullary ulanmak arkaly ýerli ösümliklerden bioişjeň maddalary almak işini alyp barýar.

Alymlar öz işlerinde Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýerli ösümlikleriň bejeriş aýratynlyklary we olaryň halk lukmançylygynda peýdalanylyşy barada gymmatly maglumatlary berýän “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ensiklopedik kitabyna daýanýarlar.

Köpetdag sebitlerinde giňden ýaýran ösümlik bolan zylçaly ýowşan bioişjeň maddalara baýdyr we antioksidant aýratynlyklaryna eýedir. Bu bolsa dümew we çiş kesellerine garşy dermanlar taýýarlanylanda netijelidir.

2022