Şenbe güni Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda (TDHÇMB) umumy bahasy 32 million 372 müň 500 ABŞ dollaryndan gowrak bolan eksport geleşikleri baglaşyldy.
Birleşen Arap Emirlikleriniň we Owganystanyň telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen nebit bitumyny we gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar.
Geçen hepdäniň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalaşyklarynda jemi 12 sany geleşik hasaba alyndy.
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy Prezidentiň 1994-nji ýylyň 29-njy iýulyndaky Karary esasynda döredildi. Häzirki wagtda birža ýurdumyzyň eksport-import amallaryny döwlet tarapyndan düzgünleşdirýän esasy edara hökmünde hereket edýär.


















