2026: Türkmenistan TOPH geçirijisiniň Serhetabat–Hyrat böleginiň gurluşygyny üstünlikli ýerine ýetirmekçi

BT
2026: Türkmenistan TOPH geçirijisiniň Serhetabat–Hyrat böleginiň gurluşygyny üstünlikli ýerine ýetirmekçi
TOPH gaz geçirijisiniň gurluşyk işlerinden pursat

2026-njy ýylda Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň öňünde duran esasy wezipeleriň hatarynda Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan (TAPI) gaz geçirijisiniň möhüm bölegi bolan Serhetabat–Hyrat böleginiň gurluşygyny üstünlikli ýerine ýetirmek bellenildi. "Arkadagyň ak ýoly" diýlip atlandyrylýan bu taslama barada anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow habar berdi.

Wise-premýeriň bellemegine görä, möhüm ugurlaryň biri hökmünde “Galkynyş” gaz känini özleşdirmegiň nobatdaky tapgyrlaryna başlamak hem kesgitlenildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metnugaty habar berýär.

Meýilnamalara laýyklykda, “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri tarapyndan nebitgaz känlerini özleşdirmek, tebigy we ugurdaş gazy, nebit hem-de gaz kondensatyny çykarmak, suwuklandyrylan gazy öndürmek, türkmen “mawy ýangyjyny” dünýä bazarlaryna eksport etmek, şeýle hem nebiti çuňňur gaýtadan işlemek we nebit önümlerini içerki hem-de daşarky sarp edijilere ibermek boýunça degişli wezipeler göz öňünde tutulýar.

Hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow nebit we gaz çykarylyşynyň möçberlerini yzygiderli artdyrmagyň hem-de degişli kärhanalaryň önümçilik kuwwatlyklaryny netijeli peýdalanmagyň zerurdygyny belledi.

Mejlisde döwlet durmuşynyň beýleki möhüm meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşylyp, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022