FAO-nyň Baş direktory “Altyn halka” kärhanasynyň maldarçylyk toplumyna baryp gördi

BT
FAO-nyň Baş direktory “Altyn halka” kärhanasynyň maldarçylyk toplumyna baryp gördi
Sýu Dunýuýyň “Altyn halka” kärhanasyna sapary, 2026-njy ýylyň 22-nji ýanwary, Türkmenistan (Surat: Sýu Dunýuýyň şahsy internet sahypasy)

Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) Baş direktory Sýu Dunýuý “Altyn halka” döwlet kärhanasynyň maldarçylyk toplumyna baryp gördi. Saparynyň dowamynda FAO-nyň ýolbaşçysy toplumda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.

Saparyň çäginde Sýu Dunýuý Türkmenistanda maldarçylygy döwrebaplaşdyrmak hem-de oba ýerlerini ösdürmek ugrunda alnyp barylýan işlere ýokary baha berýändigi barada öz şahsy internet sahypasynda belläp geçýär.

FAO-nyň Baş direktorynyň bellemegine görä, gurama durnukly we ygtybarly agroönümçilik ulgamlaryny döretmek boýunça Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlaryny goldamagyny dowam edýär.

“Altyn halka” maldarçylyk toplumy 2025-nji ýylyň dekabr aýynda ulanmaga berildi. Toplum häzirki zaman sanly dolandyryş ulgamy bilen doly enjamlaşdyrylandyr. Onuň çäginde jemi 500 baş maly saklamaga niýetlenen üç sany bölüm, 200 baş göle saklanýan iki bölüm, sagym bölümi, ot-iým meýdançasy, ýapyk görnüşli iým ammary hereket edýär.

2022