Türkmen-owgan strategik hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol goýuldy

BT
Türkmen-owgan strategik hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol goýuldy
Türkmenistanyň we Owganystanyň hökümetleri energiýa, gümrük, demir ýol, we howa ýollary pudaklaryndaky hyzmatdaşlyga degişli ikitaraplaýyn ylalaşyklara gol çekdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we onuň owgan kärdeşi Aşraf Gani iki goňşy ýurduň arasyndaky gatnaşyklary täze derejä çykarmagy maksat edinip, Strategik hyzmatdaşlyk hakyndaky Şertnama gol çekdiler. Resminama Owganystanyň Prezidenti Aşraf Ganiniň Aşgabada edýän resmi saparynyň dowamynda, penşenbe güni gol goýuldy.

Iki ýurduň liderleri mundan öň gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişindäki öňegidişlikler barada maslahat etdiler. Soňra Türkmenistanyň we Owganystanyň hökümetleri energiýa, gümrük, demir ýol, we howa ýollary pudaklaryndaky hyzmatdaşlyga degişli ikitaraplaýyn ylalaşyklara gol çekdiler.

Duşuşykda 2018-nji ýylda açylan “Lapis Lazuli” ulag-üstaşyr geçelgesine iki ýurduň gatnaşmagynyň ähmiýeti hem nygtaldy. Bu halkara geçelge Owganystany Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň hem-de Gruziýanyň üsti bilen Türkiýä birikdirýär. Taraplar bu taslama gatnaşan ýurtlaryň transport ministrleriniň we gümrük gulluklary boýunça ýolbaşçylarynyň ýygnagyny geçirmek baradaky teklibe goldaw bildirdiler. Bu ýygnak 2019-njy ýylyň maý aýy üçin meýilleşdirilýär.

Ikitaraplaýyn geçirilen gepleşiklerden soň ýaýradylan Bilelikdäki Beýannamada Türkmenistanyň Prezidenti Owganystanda parahatçylygy we durnuklylygy gazanmaga ýardam bermegi dowam etdirmäge özüniň taýýardygyny mälim edip, owgan halkynyň ýurdy syýasy we durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek babatdaky saýlap alan ýoluna Türkmenistanyň hormat goýýandygyny tassyklady.

Owganystanyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentiniň alyp barýan syýasatynyň durnuklylygy we howpsuzlygy berkitmek, sebitiň ýurtlaryny durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmegi üpjün etmek işine uly goşant goşýandygyny belledi.

Taraplar Türkmenistan – Owganystan – Päkistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň, Türkmenistan – Owganystan – Päkistan (TOP) elektrik geçirijisiniň we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygynyň durmuşa geçirilişiniň barşyna kanagatlanma bildirdiler we bu ugurda işleri dowam etdirmäge hemmetaraplaýyn goldaw berjekdiklerini beýan etdiler.

Iki ýurduň liderleri söwda-ykdysady we ynsanperwer-medeni ugurlar boýunça hyzmatdaşygy giňeltmäge hem gyzyklanma bildirdiler. 

“Şu günki duşuşyk iki döwletiň hoşniýetli goňşuçylyga, doganlyga, özara hormat goýmaga we deňhukuklylyga esaslanan gatnaşyklarynyň üýtgewsiz häsiýete eýe bolandygyny tassyklady” diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gepleşiklerden soň geçirilen metbugat konferensiýasynda belledi.

Owganystanyň Prezidenti Aşraf Gani Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy özi üçin amatly wagtda Owganystana jogap sapary bilen barmaga çagyrdy. Saparyň möhleti diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022