Waşington türkmen gazynyň Ýewropa iberilmegine goldaw bildirýär

BT
Waşington türkmen gazynyň Ýewropa iberilmegine goldaw bildirýär
“Günorta gaz geçelgesiniň” turbalary (TAP)

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Tramp Türkmenistanyň tebigy gazyny Ýewropa Bileleşigi ýurtlaryna ibermek üçin teklip edilýän Transhazar gazgeçirijisine ABŞ-nyň goldawyny beýan etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Halkara Nowruz güni mynasybetli iberen gutlag hatynda ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp türkmen tebigy gazynyň Günbatar bazaryna çykarylmagy boýunça dörän täze pursatlardan Türkmenistanyň peýdalanjagyna ynam bildirdi. 

Bu hat duşenbe güni “Türkmenistan” gäzetinde çap edildi.

“Size, Siziň maşgalaňyza hem-de Türkmenistanyň halkyna Nowruz baýramy günlerinde şatlyk we rowaçlyk arzuw edýärin” diýlip, gutlag hatynda aýdylýar. “Bu dabaraly günlerde dünýäniň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda hem köp sanly adamlar täzelenişiň, täzeden döreýşiň baýramçylygyny belleýärler”.

Öz iberen hatynda Tramp “Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň halkynyň we işewür toparlarynyň Türkmenistan bilen ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmek üçin täze ugurlary kesgitleýändiklerini” nygtady.

“Ýakynda Hazar deňziniň hukuk derejesiniň kesgitlenilmegi bilen baglylykda, Türkmenistanyň tebigy gazyny günbatar ugur boýunça eksport etmegiň täze mümkinçilikleriniň peýdalanyljakdygyna ynanýaryn” diýip, Tramp öz hatynda belledi.

2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Gazagystanyň Aktau şäherinde geçirilen 5-nji Hazar sammitinde Türkmenistanyň, Russiýanyň, Gazagystanyň, Azerbaýjanyň we Eýranyň prezidentleri tarapyndan gol çekilen Hazaryň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýa deňziň astyndan gazgeçiriji çekmek boýunça kanuny päsgelçilikleri aradan aýyrýar.

“Günorta gaz geçelgesiniň” gündogara tarap uzap gitjek bölegi hasaplanýan 300 kilometrlik Transhazar gazgeçiriji taslamasynyň göwrümi azyndan 30 ýyllap her ýyl 30 milliard kubmetrlik türkmen gazyna barabar bolup, ol Hazar deňziniň türkmen kenaryndan başlap, Azerbaýjanyň kenarynda tamamlanmaly. Ol ýerden bolsa “Günorta gaz geçelgesiniň” 3,500 kilometrlik turbalary arkaly ÝB döwletlerine barmaly.

Türkmenistan tebigy gazyň subut edilen ätiýaçlyklary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýär.

2022