Telekommunikasiýalar we informatika instituty döredildi

BT
Telekommunikasiýalar we informatika instituty döredildi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 12-nji iýunda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda geçirilen maslahatda “Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutyny döretmek hakyndaky” Permana gol çekdi.

Şeýle hem, milli Liderimiz “Türkmenistanyň Jemagat hojalyk institutyny Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty diýip atlandyrmak hakynda” Karara gol çekdi.

Türkmenistanda bedenterbiýe we sporty ösdürmek, bu ugurda ýokary derejeli türgenleri taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň ady Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty diýlip üýtgedildi.

Ýurdumyzda halkara syýahatçylygy ösdürmek we hilini gowulandyrmak maksady bilen, “Türkmen döwlet medeniýet institutynyň işini kämilleşdirmek hakynda” Karara gol çekildi.

2022