ÝHHG-nyň we KHBS-iň wekilleri döwrebap kanunçylyk boýunça maslahata başladylar

ÝHHG-nyň we KHBS-iň wekilleri döwrebap kanunçylyk boýunça maslahata başladylar
Üç günläp dowam etjek bu seminaryň işine halkara bilermenleri hökmünde Russiýa Federasiýasynyň hem-de Gyrgyz Respublikasynyň wekilleri hem gatnaşýarlar.

Düýn Aşgabat şäheriniň “Ýyldyz” myhmanhanasynda Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň (ÝHHG) “Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri (KHBS) hakyndaky kanunçylygynyň kämilleşmeginde hem-de KHBS ulgamyndaky reformalary durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlyk” atly maksatnamasynyň çäklerinde geçirilýän KHBS-ň syýasy, ykdysady we ynsanperwer meseleleri boýunça okuw maslahaty öz işine başlady diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Türkmen tarapynyň ýardam bermeginde ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkezi tarapyndan gurnalan okuw maslahatyna ÝHHG-nyň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň wekilleri, ýurdumyzyň birnäçe ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşýarlar.

Üç günläp dowam etjek bu seminaryň işine halkara bilermenleri hökmünde Russiýa Federasiýasynyň hem-de Gyrgyz Respublikasynyň wekilleri hem gatnaşýarlar.

Seminaryň maksady halkara standartlaryna we häzirki zaman tehnologiýalarynyň ösüş talaplaryna laýyklykda köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakyndaky kanunçylygyň döwrebaplaşdyrylmagy ulgamyndaky usullaryň hem-de öňdebaryjy tejribeleriň alyşylmagyna ýardam bermekden ybaratdyr.